Tuesday, December 20, 2016

TÄZE KITAP

Taryhçy alym Arne Goliniň Täze kitaby çapden çykdy



Türkiýäniň ULUS kitapevi tarapyndan A.Goliniň «Demirgazyk Türkmenistanda Jüneýit hanyň Rus basybaljylara garşy göreşi» diýen kitaby çap edilip okuwjylar köpçüligine gowşurylýar. Kitabyň girişinde şeýle setirler bar:

15057981_1255657027810799_754474069_n

Taryhçy alym A. Goli bu ylmy-barlag işinde, Jüneýt hanyň göreş  ýoluna synedip, hanyň erkinlik ugrundaky söweşleri bilen bagly dürli döwletleriňarşiwlerinde, kitaphanalarynda we ylmy merkezlerinde saklanýandokumentleri,  ýazylan monografiýalary, makalalary ýygnap, ilkinji gezek bugöreşler dogrusynda analiz esasynda, dolurak hem kämilräk maglumatbermäge synanşýar. Bu eseriň göwnüňizden turjagyna ynanýarys.
Taryh Türkmenlere gazaply bakdy. Her bir taryhy döwürde, her bir ösüş tapgyrda, Türkmen halky birleşip, kesgitli ösüş formasyna eýe bolup başlanda, daşky güýçler, uly wakalar ony başlangyjynda bogdy. Bu diňe1917-nji ýyldan ozalky döwürde, Türkmenleriň rus patyşasyna garşy göreşler we 30-40 ýyllap koloniýal zulumy astynda galmagyna we Türkmenistanda1917-nji ýyldan soňky wakalara degişli bolman, şonuň ýaly-da 1929-njy ýylda başlanan mejbury kollektiwleşdiriş/kolhoz gurluşygy bilen baglanşykly wakalara hem degişlidir. Türkmenler, ynkylap ugrundaky göreşler we grajdanlyk /içerki urşy ýyllarynda, açlyk we bosa-bosluklardan dyýnyp, ýaňja gurlan Türkmenistan döwletine birigip we parahatçylykly gurluşyk döwrüne geçip başlan bir wagtynda, bu gezek oba hojalygy mejbury kollektiwleşdiriş we şonuň esasynda baý-kulaklary synpy göreş esasynda ýok etmek syýasaty, tutuş durmuşyny we ýurdunyň ykdysadyýetini düýpli çaýkady, şol sanda Türkmen jemgiýetçilik-syýasy ösüşini 40-50 ýyl gaýra saldy. Emma beýle ýagdaýa boýun egmedikler, oňa garşy göreşenlerem az bolmandy. Şolardan Jüneýt hanyň ýolbaşçylygyndaky umumy demirgazykTürkmenistandaky gozgalaňa nazar aýlaýarys.
ULUS KITAPEVİ
ANKARA