Sunday, August 27, 2017

MADAÝ HAN

Türk hakany Madaý hanyñ (Mete hanyñ-Alp är Tunganyñ) Media/Mad  patyşasy Keýhosrow tarapyndan namartlyk bilen öldürilmegi we Ferdosynyñ bu barada ýalan sözleri


   Türki halkalarynyñ taryhynda gaty kän hökümdarlaryñ atlary saklanyp, bakylyga siñip galypdyr. Olaryñ biri, Maday-Hytaý çeşmelerinde bu at Mode görnüşinde görnüşinde ýazylýar.[1] Ol atly Hakan bolup biziñ eýýamymyzdan öñki 7-njy asyrda ýaşap geçipdir we Türki halkalaryny birleşdirip, «Skit-kimmer» ady bilen şöhrat gazanan ägirt uly döwleti esaslandyrypdyr. Häzirki geografik karta boýunça göz öñüne getirilse, onuñ emperiýasy Hytaýdan Kawkaz respublikalaryna, Orsýden Kiçi Aziýa topraklaryny öz içine aýlar.
   Madaýyñ adynyñ yzyna «gara» lakamy dakylypdyr. Gadymy Türki dilde bolsa, bu söz «batyr» manyny berýär eken. Şeýle-de Türki halklar Madaýa «Alp är Tunga»-da diýipdirler. Bu diýldigi, «ýolbars ýaly batyr, gaýdusyz» diýldigi eken. Pars-täjikler bolsa oña «Afrasiýab» diýipdirler. Gadymy Pahlevi, parfiýa çeşmelerinde ol «Frasiýab» görnüşinde ýazylypdyr. «Fra, şan-şöhratly» bolup, «siýab, siýah» gara diýmekdir. Aslynda ol Afrasiýab däl-de, «Afre-siýah» görnüşinde bolmaly we ol Madaý hanyñ parsça adydyr.
   İñ gadymy Türki kowumlaryndan bolan Altaýlylaryñ arasynda «Madaý gara» ady bilen dessanlar toplumy biziñ günlerimize çenli saklanyp galypdyr.
  Herodotyñ bize galdyran maglumatlaryna görä, Maday gara, Alp är Tunga, Afrasiýabyñ Kiçi Aziýanyñ halklarynyñ üstünden hökümdarlygy 28 ýyl dowam edipdir. Madaý hanyñ Midia eden hüjümi bolsa pajygaly tamamlanypdyr. Bu waka şeýle bolupdyr:
   Medianyñ şasy Forat, Assiriýalar bilen bolan urşda ýeñilýär we özi-de ölýär. Onuñ ogly Kiaksar-Keýhosrow[2] atasynyñ goşuny ýañdan toplap, tertibe salýar we Assiriýalaryñ üstüne çozup Nim şäherini gabaýar. İne şol mahalam Madaý hanyñ ägirt uly goşuny Midianyñ üstüne dökülýär. Kiýhosrowyñ olary öz ýurtlarynyñ çäklerinden kowup çykarmaga güýji ýetmänsoñ hilä ýüz wurýar. Madaý hana ýaraşmagy teklip edýär. Onuñ bu teklibi kabul edilýär we ýaraşyk mejlisi başlanýar. Midia şasy Madaýa we onuñ esgerlerine bihuş ediji derman goşulan şerap berýär we şol mejlide-de olary tygdan geçirýär.
   Midia-Eýranyñ şasy Keyhosrow bilen Turanyñ hökümdary Madaý-Alp är Tunganyñ özara urşlary, Keýhosrowyñ hilegärlik, namartlyk bilen Madaý hany öldürişi baradaky wakalar pars-täjik we Türki halklarynyñ folklorlarynda, Ferdosynyñ «Şahnama» eserinde hem öz beýanyny tapypdyr. Ýöne Şahnamada Madý hanyñ-Afrasiýabyñ ölümi başgaçarak beýan edilýär, ýagny Keýhosrow ony söweşde ýeñýär we jezalandyryp öldürýär. Gadymy Türkiler bolsa Alp är Tungany öldüren Keýhosrowy näletläp, dessanlar, aýdymlar, rowaýatlar döredipdiler. Şeýle dessanlaryñ birinden bölekler Mahmyt Kaşgarynyñ «Diwan lugat Türk» eserinde-de getirlipdir.
   Alp är Tunga zäherli badany içirip, onuñ pajygaly takdyrynyñ üstünden gülýän Keýhosrow şeýle diýýär:
«Onuñ işin bitirdim,
Dostumny gaçyrdym,
Ölüm zährin içirdim,
İşte ýüzün tüýkürdim.»

   Alp är Tunganyñ ölümi bilen agylary M.Kaşgarly öz kitabynda getiripdir. Ol 14 setirden ybaray bolup, şu günki Türkmen zenanlarynyñ öz ýakyn adamlary ýogalandaky agylaryna gaty meñzeş. Şondan birnäçe setir:

«Alp är Tunga öldümi,
Ýaman dünýä galdymy,
Ýaman öjün aldymy,
İndi ýürek ýyrtylar.

Böri bolup öldüler,
Ýaka ýyrtyp durdular,
Aglap-aglap ýördüler,
Göz ýaşlary syl boldy.

Ýüregim täk-täk boldy,
Biten ýaramy dildi,
Geçmiş hatyra galdy,
Tün-tün ony küýsedim.




[1] Onuň aydy «Awestada Färnegersin» diýilip getirilýär, bu sözüň manysy bolsa «gorkunç» diýilip görkezilýär. Gadymy Pahlewi dilinde ol «Frasiýaw» diýilipdir. Ferdowsi Afrasiýabyň atasynyň adyny «Ýeşeng» diýip belleýär.
[2] Ferdowsynyň Şahnamasynda Keýhosrowyň atasy Siýawoş, enesiniň adyny bolsa Färengis (Ferigis) diýip görkezýär. Siýawoşyň ölümine buýruk berenligi sebäpli, Keýhosrow, Afrasiýaby öldürmek bilen atasynyň aryny alýar.

No comments:

Post a Comment